- İçki we daşky landşafty we bezeg işleri
- Oba-hojalyk boýunça inžinerlik hyzmatlary
- Daşary ýurtdan şitil getirmek (toprak,suw we howa analizine görä)
- Suwlama proýekti we dogry suwlama programmasy
- Dökünleme programmasy (ýaş we sortyna göra)
- Pudag we ideg işleri (ýaş we sortyna göra)
- Biologiki gözegçilik
- Ýyladyşhanalaryň toplumlaýyn gurluşy
Феромонный диспенсер для Белокрылка
Страна производитель Молдова
Önüm barada maglumat
Bu sellýuloza dispenseri, daşky gurşawa yzygiderli bugarmak bilen, mör-möjekleri özüne çekýän (duzagyň içine) temmäki ak ganatly siňegin feromony (ysy) bilen gandyrylandyr. Dispenser feromon duzaklary bilen bilelikde ulanylmalydyr (duzaklary aýratyn satyn alyp bolýar ýa-da dispenserler bilen bir toplumda). Feromon dispenserleri zyýankeşlere gözegçilik etmek ýa-da olary köpçülikleýin tutmak üçin tygşytly we ekologiýa taýdan howpsuz usuldyr.
Dispenseriň hereket ediş möhleti ulanylan pursadyndan başlap 8-10 hepdä çenli. Ýaramlylyk möhleti – 1 ýyla çenli (saklanylşyň amatly şertlerinde).
Dispensriň görnüşi
Sellýuloza dispenseri.
Hereket ediş möhleti
Gurnalan pursadyndan başlap 8-10 hepdä çenli we duzagyň gurnalan howa zolagyna baglylykda.
Ulanylyş usuly
• Dispenseri edil ulanmazdan ozal gabyndan çykaryň we duzagy ulanmak boýunça gözükdirijä laýyklykda ony duzaga ýerleşdiriň.
• Dispenserleri göni gün şöhleleriniň astynda goýmaň.
• Dispenseriň gabyny gözegçilik zolagyndan daşary we/ýada feromon duzaklarynyň ulanylýan zolagyndan daşary utilizirlemegi haýyş edýäris.
Duzaklary ýerleşdirmek
Duzaklary ösümlikden 15-20 sm beýiklikde gurnaň.
Duzaklaryň sany
Gözegçilik üçin – özüne çekiji duzaklaryň sany 1 gektar meýdan üçin 2-3 sany duzak hasabyndan alynýar. Köpçülikleýin tutmak üçin - 1 gektar meýdan üçin 20-30 sany duzak hasabyndan alynýar, ýagny zyýankeşleriň sanynyň köplügine baglylykda.
Feromon dispenserleriniň saklanylşy
Feromon dispenserlerini salkyn, gury ýerde, gün şöhlesinden uzakda saklanmalydyr. Uzak möhletli saklamak üçin özüne çekijileri sowadyjy kamerada (12 aýa çenli) saklamak maslahat berilýär.
Çalyşmaklyk
Gurnalansoň 8-10 hepde geçeninden soňra dispenseri täzelemeklik maslahat berilýär. Köne dispenserleri gözegçilik zolagyndan daşary we/ýada feromon duzaklarynyň ulanylýan zolagyndan daşary utilizirlemegi haýyş edýäris.
Seresaplylyk çäreleri
Bu maddanyň adamlar we daşky gurşaw üçin howply däldigine garamazdan, önüm bilen işläniňizde ellikleri ulanmak we feromonlar bilen işlemezden ozal we soň elleriňizi gowy ýuwmak maslahat berilýär.
Gaby
Dispenserler feromonyň 3 gramy bilen doldurylandyr we olar germetik folgirlenen gaba ýerleşdirilendir.