Loading...
Феромонный диспенсер для Томатная моль
Goşulan senesi:
08.11.2022
Getirilen ýurdy:
Türkmenistan
Haryt elýeterligi:
Bar

Moldowiyadan getirilen. Bu kauçukly dispenseri, daşky gurşawa yzygiderli bugarmak bilen, mör-möjekleri özüne çekýän (duzagyň içine) pomidorlara gurçuk goýan güýesi Tuta absoluta üçin feromony bilen gandyrylandyr. Dispenser feromon duzaklary bilen bilelikde ulanylmalydyr (duzaklary aýratyn satyn alyp bolýar ýa-da dispenserler bilen bir toplumda). Feromon dispenserleri zyýankeşlere gözegçilik etmek ýa-da olary köpçülikleýin tutmak üçin tygşytly we ekologiýa taýdan howpsuz usuldyr.

Websaýt:
.
Telefon:
Salgy:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 17-nji jaý 1-nji gat; "Senagatçy" myhmanhana
Феромонный диспенсер для Томатная моль

Dispenseriň hereket ediş möhleti ulanylan pursadyndan başlap 4-6 hepdä çenli. Ýaramlylyk möhleti – 1 ýyla çenli (saklanylşyň amatly şertlerinde).

Dispenseriň görnüşi

Kauçukly dispenser

Hereket ediş möhleti

Gurnalan pursadyndan başlap 4-6 hepdä çenli we duzagyň gurnalan howa zolagyna baglylykda.

Ulanylyş usuly

• Dispenseri edil ulanmazdan ozal gabyndan çykaryň we duzagy ulanmak boýunça gözükdirijä laýyklykda ony duzaga ýerleşdiriň.

• Dispenserleri göni gün şöhleleriniň astynda goýmaň.

• Dispenseriň gabyny gözegçilik zolagyndan daşary we/ýada feromon duzaklarynyň ulanylýan zolagyndan daşary utilizirlemegi haýyş edýäris.

Duzaklary ýerleşdirmek

Duzaklary ösümlikden 0,5-1 metr beýiklikde gurnaň.

Duzaklaryň sany

Gözegçilik üçin – özüne çekiji duzaklaryň sany 1 gektar meýdan üçin 3 sany duzakdan az bolmaly däldir. Köpçülikleýin tutmak üçin - duzaklaryň sanyna zyýankeşleriň mukdarynyň köplügi we ýerli derejede tassyklanan zyýankeşler bilen göreşmekligiň strategiýasy täsir edýär.

Feromon dispenserleriniň saklanylşy

Feromon dispenserlerini salkyn, gury ýerde, gün şöhlesinden uzakda saklamalydyr. Uzak möhletli saklamak üçin özüne çekijileri sowadyjy kamerada (12 aýa çenli) saklamak maslahat berilýär.

Çalyşmaklyk

Gurnalansoň 4-6 hepde geçeninden soňra dispenseri täzelemeklik maslahat berilýär. Köne dispenserleri gözegçilik zolagyndan daşary we/ýada feromon duzaklarynyň ulanylýan zolagyndan daşary utilizirlemegi haýyş edýäris.

Seresaplylyk çäreleri

Bu maddanyň adamlar we daşky gurşaw üçin howply däldigine garamazdan, önüm bilen işläniňizde ellikleri ulanmak we feromonlar bilen işlemezden ozal we soň elleriňizi gowy ýuwmak maslahat berilýär.

Gaby

Dispenserler feromonyň 3 mg bilen doldurylandyr we olar germetik folgirlenen gaba ýerleşdirilendir.


E-maglumatlar
Феромоны---копия.docx

avatar

avatar

Teswir ýazmak üçin içer giriň.
Jane Smith cancel