Loading...
Феромоны Tuta Protect®
Goşulan senesi:
08.11.2022
Getirilen ýurdy:
Türkmenistan
Haryt elýeterligi:
Bar

Mассовой Дезориентации Страна производитель Молдова

Websaýt:
.
Telefon:
Salgy:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 17-nji jaý 1-nji gat; "Senagatçy" myhmanhana
Феромоны Tuta Protect®

Köpçülikleýin aldawçynyň (dezoriýentasiýanyň ugur ýitirmekligiň) täsiri, zyýankeşleriň uçýan tutuş döwrüniň dowamynda meýdançada feromony ýokary konsentrasiýada ýaýratmak arkaly gazanylýar. Bu maksat üçin pomidorlara gurçuk goýan güýesi Tuta absoluta üçin feromonly ýörite Tuta Protect® MD dispenserleri ulanylýar, bular urkaçynyň ýalan yzyny döredip, zyýan berijileri ugryndan üýtgedýärler, we şeýlelik bilen soňra köpelmek üçin jübüdiň ýerleşýän ýerini kesgitläp bolmaz ýaly edýär.

Önüm barada maglumat

Feromon aldawçylary (dezoriýentirleri) pomidorlara gurçuk goýan güýesi bilen göreşmeklik üçin güýçli ýarag hökmünde özüni gowy tarapdan tanatmaklygy başardy.

Tuta Protect® oba hojalyk ekinlerini ekologiki taýdan howpsuz goramagyň usulydyr.

Göteriji MD dispenserden ybarat bolup düzüminde feromonyň deňölçegli çykmagyny üpjün edýän işjeň maddalary saklaýar.

Tuta Protect® dispenserleri urkaçynyň ýalan yzyny döredýär, zyýankeşleri ugryndan üýtgedýär, we şeýlelik bilen soňraky köpeliş üçin jübüdiň ýerini kesgitlemeklige päsgelçilik döredýär.

Haçan ulanylmaly

Zyýankeşiň birinji nesliniň döremeginden öň we hasylyň ýygnalyp gutarylmagyna çenli. Mör-möjekleriň uçup gelip başlandygyny kesgitlemek üçin 1 gektara Delta görnüşli 2-3 sany barlag duzaklaryny gurnap görmeli.

Duzagyň dispenseriniň görnüşi

Feromon kompozisiýasy bilen doldurylan MD dispenser.

Hereket ediş möhleti

20°С - 35°С çenli bolan amatly howa şertlerinde ulanylan pursadyndan başlap 20-25 hepdä çenli.

Ulanylyş usuly

• 1 gektara 2-3 sany gözegçilik duzagyny gurnap, zyýankeşleri yzarlap durmak maslahat berilýär. Maslahat berilýän duzak - Delta. Her bir duzak ýerden 0,5-1,5 metr beýiklikde ýerleşdirilmelidir. Duzaklarda tutulan zyýan berijileriň sany zyýankeşleriň populýasiýasyny (mukdar sanynyň gürüligini) kesgitlär.

• Ellik geýiň. Aldawçyny (Dezoriýentanty) edil ulanmazdan ozal gabyndan çykaryň.

• Tuta Protect® aldawçyny (dezoriýentanty) gözükdirijisine laýyklykda gurnaň.

• Zyýankeşleriň edýän zyýanynyň derejesini yzygiderli bahalandyrmak maslahat berilýär. Gözegçilik duzaklarynda tutulýanlaryň sanyna, şeýle hem zyýanyň derejesine baglylykda ösümlikleri goramak boýunça goşmaça çäreleri ulanmaklyyň mümkinçiligi öwrenilip biliner.


E-maglumatlar
Феромоны---копия.docx

avatar

avatar

Teswir ýazmak üçin içer giriň.
Jane Smith cancel