Loading...
Polisulfid kalsiý ergini
Goşulan senesi:
16.09.2021
Getirilen ýurdy:
Türkmenistan
Haryt elýeterligi:
Bar

Polisulfid kalsiý ergini fungisid we akarisid hökmünde ulanylýar.

Eýesi:
E-poçta:
Telefon:
Salgy:
Hoja Ahmet Ýasawy (2105) köçesi, № 73, 744000, Aşgabat, Türkmenistan
Polisulfid kalsiý ergini

Polisulfid kalsiý ergini fungisid we akarisid hökmünde almanyň we armydyň goturlama, poslama, monilioz, gara rak kesellerine garşy; üljäniň we garalynyň ýapraklarynyň tegmilligine garşy; erigiň, nohudyň, noýbanyň, gant şugundyrynyň we bägüliň akdüşme keseline garşy; üzüm hoşasynyň antraknoz, oidium, serkosporoz kesellerine garşy; hyýaryň antraknoz, akdüşme kesellerine garşy; malinanyň antraknoz keseline garşy, şeýle hem kerepli sakyrtgalara garşy, ösüş döwründe pürkmek arkaly ulanylýar. Polisulfid kalsiý ergininiň dykyzlygy 1,15 g/sm3 we wodorod görkezijisi 10,0 çenli.

Polisulfid kalsiý ergini ulanylmazdan öň, işlenýän ergini almak üçin arassa suw bilen garylýar. 100 litr işlenýän ergini almak üçin polisulfid kalsiý erginini suw bilen garmagyň kadasy:

• ösüş (wegetasiýa) döwründe ulanmak üçin – 5 litr;

• irki ýazda (pyntyk ýarmazdan öň) we giçki güýzde (ýapraklar düşenden soň) ulanmak üçin – 25 litr.


E-maglumatlar
Maslahatlar.pdf

avatar

avatar

Teswir ýazmak üçin içer giriň.
Jane Smith cancel