Loading...
Bellenenler
Alça
Ylmy ady:
Prunus cerasus
Kategoriýa:
Şänikli miweli bag
Gysgaça maglumat:
alça agajy 40-50 ýyl ýaşaýar.
Üzüm
Ylmy ady:
Vitaceae spp. L
Kategoriýa:
Ir-iýmişli miweliler
Gysgaça maglumat:
2 ýaşly ýaş nahallar 1-2 ýyldan hasyl berip başlaýar. Gowy ideg idedilen üzüm agajy 40-50 ýyl ýaşaýar. Her üzüm agajy ortaça 30-40 kg hasyl berýär.
Ylmy ady:
Sorbus graeca
Kategoriýa:
Çigitliler
Gysgaça maglumat:
Miweleri togalak, gyzyl reňkli. Tohumy we kök çykyntgylary arkaly köpelýär;
Ylmy ady:
Mespilus spp. L
Kategoriýa:
Çigitliler
Gysgaça maglumat:
Bu agajyň alma görnüşli miweleri bolup, olar terligine iýilýär, mürepbe taýýarlanýar. Bu miweli bagyň köki, ýapragy we sütüniniň gabygy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär.
Alyç
Ylmy ady:
Crataegus spp. L
Kategoriýa:
Çigitliler
Gysgaça maglumat:
Bezeg we dermanlyk häsiýetli bu agajyň käbiriniň miweleri iýmäge ýaramly. Alyç 200-400 ýyl ýaşaýar we oturdylan nahallary örän haýal gögerýär, 10-15 ýyldan hasyl berip başlaýar. Bir düýbi 20-30 kg hasyl berýär.
Zirk
Ylmy ady:
Berberis vulgaris
Kategoriýa:
Çigitliler
Gysgaça maglumat:
Lukmançylykda köki, ýapragy, miwesi peýdalanylýar, boýag alynýar we bezeg ösümligi hökmünde hem ösdürilýär. Iýmit hökmünde peýdalanylmaýar.
Limon
Ylmy ady:
Rutaceae (Citrus lemon)
Kategoriýa:
Sitrus
Gysgaça maglumat:
Çybykdan köpeldilse has gowy bolýar we olar ýetişen hasyl berýän düýbiň çybygyndan ortaça 15 sm uzynlykda, 2-3 pyntykly kesilip aşaky tarapa gaty golaýlatman alynýar we yzgarlandyrylan topraga oturdylýar. Agajyň baldaklarynda nahal ýetişdirmek üçin kesim awgust aýynda geçirilýär. Çybygyň kök urmasy 25-30 güne çekýär we munuň alamaty täze ýapraklaryň emele gelip başlamagydyr. 10 ýaşlaryndaky oňat ideg edilen bir limon agajy ortaça 60 -70 kg hasyl berip biler. Ýaş topraga oturdylan limon nahaly oňat seredilende 1-2 ýyldan hasyl berýär.
Kiwi
Ylmy ady:
Actinidia chinensis
Kategoriýa:
Tropiki miweli bag
Gysgaça maglumat:
Bu miweli agaç ortaça 20-25 ýyl ýaşaýar we oturdylan nahallar 3 ýyldan soň hasyl berip başlaýar. Hasyla oturan kiwi agajy ortaça 70 kg çenli hasyl berýär. Kiwi yssy howany halamaýan sowuga çydamly agaç
Banan
Ylmy ady:
Musa paradisiaca Linn
Kategoriýa:
Tropiki miweli bag
Gysgaça maglumat:
Banan agajynyň ömri 10 ýyl bolup nahallar dikilenden 13 aý soňra ilkinji hasyl ýygnama işi geçirilýär, ikinji hasyl ýygnama işi 8 aý soňra geçirilýär. Hasyllylyk ilkinji möwsümde 50 kg –dan başlap, 200 kg-a çenli artyp bilýär.
Ylmy ady:
Cocos nucifera
Kategoriýa:
Tropiki miweli bag
Gysgaça maglumat:
Kokos palmasy 70-100 ýyl ýaşaýar. Ýaş baglary 7-9-njy ýyl miwe getirip başlaýar. Hasyl berýän baglaryndan 30-80 ýyl hasyl ýygnalýar we her düýpden 120-150 miwe alynýar. Miweleriniň her biriniň agramy 2 kg-a çenli we miwäniň ösmegi, bişip ýetişmegi üçin 330-430 gün gerek.
Ülje
Ylmy ady:
Prunus avium
Kategoriýa:
Şänikli miweli bag
Gysgaça maglumat:
ülje agajynyň ömri 50-70 ýyldyr. Oturdylan ýaş nahallar ömriniň 2-3-nji ýylynda hasyl berip başlaýar. Her agaçdan 15-20 kg çenli, has köp hasyl alnanda 50-60 kg çenli ülje hasylyny alyp bolýar;
Malina
Ylmy ady:
Rubus idaeus
Kategoriýa:
Ir-iýmişli miweliler
Gysgaça maglumat:
bu ösümligiň boýy 50-100 sm bolup, 15-20 ýyl ýaşaýar. 1 gektardan 1,5-2 tonna hasyl alyp bolýar. Hasyly 4-nji ýyly berip başlaýar.
Nohut
Ylmy ady:
Pisum sativum L.
Kategoriýa:
Kösükli ekin
Gysgaça maglumat:
Nohut azyklyk we ot-iýmlik ekin bolup, birýyllyk ekinlere degişlidir. Bir gektardan ortaça 10-30 sentner hasyl berýär. Ösüş döwrüniň dowamlylygy 80-100 gün, giç ýetişýän sortlarynyň ösüş döwri 140 güne çenli.
Çowdary
Ylmy ady:
Secale
Kategoriýa:
Däneliler
Gysgaça maglumat:
Çowdary bir ýyllyk ekin bolup iýmitlik we ot-iýmlik maksatlary üçin ösdürilýär. Ortaça hasyllygy gektardan 20 sentner. 220-240 günde ýetişýär.
Ylmy ady:
Tritikum
Kategoriýa:
Däneliler
Gysgaça maglumat:
Bugdaý bir ýyllyk iýmitlik maksady üçin ulanylýan we ,,ekinleriň soltany’’ hasaplanýan medeni ösümlikdir. Bugdaý gektardan 25-50 kä halatda 70 sentnere çenli hasyl berýär. Bugdaý ununyň häsiýeti boýunça ýumşak we gaty bugdaý sortlary tapawutlanýar.
Ylmy ady:
H. Sativum Jessen
Kategoriýa:
Däneliler
Gysgaça maglumat:
arpa bir ýyllyk , mallar üçin ot-iýmlik maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän ösümlik bolup.
Süle
Ylmy ady:
Avena sativa
Kategoriýa:
Däneliler
Gysgaça maglumat:
Süle birýyllyk otjumak ösümlik bolup, esasan mallar üçin ot-iýmlik hökmünde peýdalanylýar. Biziň şertlermizde 25-30 sentner däne hasyly alynýar. Ösüş döwri 80-110 gün.
Tritikale
Ylmy ady:
Triticale
Kategoriýa:
Däneliler
Gysgaça maglumat:
Bu ekin bugdaýyň we çowdarynyň çaknaşdyrylmagyndan alnan täze gibrid görnüş bolup esasan mallar üçin ot-iýmlik hökmünde peýdalanylýar. Bir gektardan 35-60 sentner däne, 400-550 sentner gök massasyny almak mümkin. Amfidiploid-206 sortunyň ösüş döwri 235-250 gün.
Şaly
Ylmy ady:
Oryza sativa
Kategoriýa:
Däneliler
Gysgaça maglumat:
Şaly birýyllyk ekin bolup gektardan ortaça 30 sentner hasyl alynýar. Ýurdumyzda ekilýän şaly sortlarynyň ösüş döwri 90 günden 140 güne çenlidir.
Jöwen
Ylmy ady:
Sorghum wulgaris
Kategoriýa:
Däneliler
Gysgaça maglumat:
jöwen 1 ýyllyk dänelik we ot-iýmlik maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikdir. Hasyllygy gektardan ortaça 30 sent/ga.