Loading...
Bellenenler
Kanola (Raps)
Ylmy ady:
Brassica napus
Kategoriýa:
Ýag berýän ekin
Maşgala:
Kelemliler
Sortlar:
...

Gysgaça maglumat:
Kanola (Brassica napus) düzümindäki eruk kislotasy (эруковая кислота) we glýukozinolaty janly organizmer üçin zyýanly bolan ösümlik görnüşidir. Onuň ýagy, ösümligiňiň özünden tapawutlylykda zyýanly däldir. Ol adamlar hem-de öý mallary üçin iýmitlik hökmünde ulanylýar. Kanola ýagy, soýa ýagy ýaly bolup, diňe bir iýmitlik maksatly däl eýsem şem, pomada, senagat ýagy, gazet syýa, bio ýangyç ýaly önümleri öndürmekde, täzelenip bolmaýan nebit esasly ýaglaryň bazar bahasyna baglylykda çalşyp biler. Bu görnüş ilkinji gezek Kanadada ösdürilip ýetişdirilendigi sebäpli "canola" ady, iňlis dilindäki "Kanada" we "Ola" (Oil Low Acid - "pes kislotaly ýag") sözlerinden gelip çykýar. Kanola (Brassica napus Canola Oleifera sp.) Gyş we tomus fiziologiki döwri öz içine alýan ýag alynýan strategiki ekindir. Dänesi 38-50% ýag we 16-24% belok saklaýar.