Loading...
Bellenenler
Günebakar
Ylmy ady:
Helianthus annus
Kategoriýa:
Ýag berýän ekin
Maşgala:
Çylşyrymlygüllüler
Sortlar:
armawer-3497, maýak, zarýa, ýeniseý (ýag berýän sortlar), WNIMK-1646, lug, woshod, kustanaý-91, salýut

Gysgaça maglumat:
Günebakar bir ýyllyk çigitlik we ýag almak maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän ekin bolup hasyllygy gektardan 25 sentera çenli bolup bilýär.

Ýetişdirilişi: Açyk meýdanda;

Topraga talaby:günebakardan ýokary hasyl almak üçin gurply topraklarda ýetişdirilmeli. Toprak toýunsow bolsa amatly hasaplanýar.

Ýylylyga talaby: gögermegi üçin +12+14 gradus, kadaly ösmegi üçin +20+26 gradus;

Yzgara talaby: günebakar ekiniň yzgara talaby orta derejede bolup 12-15 günden suwarylýar.

Döküne talaby: güýz sürüminiň aşagyna 15-20 tonna ders, ekişden soň 45 kg azot, 60 kg fosfor, 45 kaliý berilýär, birinji gezek berlenden 20 gün soň 2-nji gezek hem  şu mukdarda  berilýär.

Ekiliş çyzgydy:

        - Hatar ara:70 sm

        - Ösümlik ara: 25-30 sm;

Ekiliş möhleti: 20.04-05.05;

Ekiliş görnüşi: Tohumyndan: 25-35 kg/ga;

Hasyl ýygnama: hasyl ekişden 115-125 gün soň ýygnalýar.

Saklanylyşy: (günebakar çigidi)

       Temperatura: 0+10 ºC;

        Çyglylyk: 75%;

        Saklanyş möhleti: 3-6 aý;