Loading...
Bellenenler
Soýa
Ylmy ady:
Glycine soja. L
Kategoriýa:
Kösükli ekin
Maşgala:
Kösükliler
Sortlar:
WNIIS (ir ýetişýän), WNIIMK-9186, Kirowograd-4 (orta möhletde ýetişýän), salýut-216, amur-41, arkadiýa, komsomolka, wenera, smena, özbek-6

Gysgaça maglumat:
Soýa bir ýyllyk, esasan ýag we beloklyk gymmaty üçin ösdürilip ýetişdirilýän ekin bolmak bilen, oňat ideg edilende gektardan düme ekilende 10-15 sentnerden 50-60 sentnere çenli, suwarymly ekerançylykda 30-40 sentnerden 100 sentnere çenli hasyl alyp bolýar.

Ýetişdirilişi: Açyk meýdanda;

Topraga talaby:soýa ekilende turşy, batgaly we güýçli şorlaşan toprakly ýerlerden başga ähli topraklarda ekip, ýokary hasyl almak mümkin. Has ýokary hasyl almak üçin çüýrüntgä, iýmit maddalaryna baý bolan toprakly ýerleri saýlap almaly.

Ýylylyga talaby: tohumyň gögermegi üçin iň pes ýylylyk +8 gradus, amatly ýylylyk +12+14 gradus bolmaly, kadaly ösmegi üçin temperatura +24+26 gradusdan pes bolmaly däl.

Çyglylyga talaby: soýa ekininiň suwa talaby mäşe meňzeş bolýar. Suwarylma işi yzgarly toprakda tohumyň gögerişinden soň toprak we howa ýagdaýyna baglylykda 12-18 günden suwarylyp durulmaly.

Döküne talaby: ekişden öň sürüm bilen topraga 100-120 kg fosfor döküni berilmeli. Tohum gögerenden soň 90-100 kg azot döküni, güllemezden 20-25 gün öň kaliý döküni berilmeli.  

Ekiliş çyzgydy:

        - Hatar ara: 60-70sm

         - Ösümlik ara: 12-14 sm;

Ekiliş möhleti: 01.04-10.04;

Ekiliş görnüşi: Tohumyndan: 60-70kg/ga;

 Hasyl ýygnama: soýa hasyly ýygnalanda çyglylyk 16 % -den az bolmaly däl. Hasyl ekişden soň ir ýetişýän sortlary 80-110 günde, aralyk ýetişýänleri   120-150 günde, giç ýetişýänleri 150-170 günde ýetişýär.  

  Saklanylyşy: Döwrebap ammarlarda:

             Temperatura:  -5+5ºC;

             Çyglylyk: 60%;

             Saklanyş möhleti: 1 ýyl.