Loading...
Bellenenler
Gök kädi (kabaçki)
Ylmy ady:
Cucurbita pepo
Kategoriýa:
Gök bakja ekinler
Maşgala:
Kädiler
Sortlar:
gribowskiý-37

Gysgaça maglumat:
Bir ýyllyk bakja ekin bolup, çaknyşdyrma netijesinde alnan, gibrid görnüşdir.

Ýetişdirilişi: Açyk meýdanda;

Topraga talaby:gök kädi kädiniň ir ýetişýän görnüşi bolup 50-70 günden hasyl berip başlaýar. hasyllygy gektardan ortaça 120-140 sentner.

Ýylylyga talaby: gök-bakja ekinleriniň aglabasy ýaly gök kädiniň tohumynyň gögermegi üçin  hem +12+14 gradus ýylylyk gerek. Kadaly ösmegi üçin amatly ýylylyk +24+26gradus.

Yzgara talaby: gök kädi hem edil adaty kädiler ýaly bir meňzeş yzgary talap edýär. Topragyň çyglylygy: 70-80%, howanyň çyglylygy: 50-60% bolmaly. Suw tutmaklyk keşler boýunça suwaryş turbajyklaryň kömegi bilen geçirilse suw üpjinçiligi we basdyrylyp suwarylmazlygy üçin hem amatly bolýar. Suwaryş ýagdaýyny yzygiderli basdyryp suwarmazdan howa we toprak ýagdaýyna baglylykda 5-6 gezek geçirmeli.

Döküne talaby: 2 gezek geçirilýär:

1-nji gezek 4-5 sany hakyky ýaprak çykanda:  -ammiak selitrasy -300kg/ga, superfosfat-350kg/ga;

2-nji gezek köpçülikleýin gülläp hasyla durýan döwri: -superfosfat-200kg/ga, kaliý-  100 kg/ga;                                                

 Ekiliş çyzgydy:

- Hatar ara: 90-120sm

- Ösümlik ara:  40 sm;

Ekiliş möhleti:

-Ýaz aýlary: 15.03-15.04;

-Tomus aýlary: 15.06-20.06;

Ekiliş görnüşi: Tohumyndan: 10-12 kg/ga;

Hasyl ýygnama: ekişden 50-70 gün soňra gök kädiniň hasyly ýygnalýar.

Saklanylyşy: Döwrebap ammarlarda:

             Temperatura: +1+3ºC;

             Çyglylyk: 70-75%;

             Saklanyş möhleti: 3-3,5 aý.