Badat (süýji ýer alma)
Gysgaça maglumat:
Badat bir ýyllyk gök ekin bolup şineledilen şitillleriniň ýetişmegi üçin 155-165 gün gerek bolýar. Hasyllylygy gektardan ortaça 400-500 sentnere barabar.
Ýetişdirilişi: Açyk meýdanda;
Topraga talaby: badat hem beýleki gök ekinler
ýaly gurply ýeňil toýunsow topraklarda ösmegi halaýar.
Ýylylyga talaby: +12+14 gradusda şitilleri açyk
toprakda oturdylýar. +22+24 gradus kadaly ösmegi üçin gerek ýylylyk.
Yzgara talaby: badat hem edil kartoşka ýaly joýalary gaty basdyrmazdan
yzgarlandyrylyp suwarylmaly. Suwaryş işleri 15 günden geçirip durulmaly.
Gülleme döwründe suwaryşyň arasy 7-10 gün bolmaly. Hasyl ýygnamaga 15-20 gün
galanda suwaryşy bes etmeli.
Döküne talaby: güýz sürüminde
gektara 30-40 tonna ýanan ders berilmeli, ekişden öň topraga sürüm bilen 80-100
kg kaliý, oturdylan şitiller ösüp
başlandan soň 60-70 kg azot, 20-30 günden soň gektara 80-100kg fosfor
berilmeli. Güllemeden soň ýene-de, 60-70 kg azot berilmeli.
Ekiliş çyzgydy:
- Hatar ara: 70sm
- Ösümlik ara: 40-45 sm;
Ekiliş
möhleti:
Ekiliş wagty |
Şitilinden |
|
Günorta etraplar |
Demirgazyk etraplar |
|
Badat |
05.04-20.04 |
18.04-30.04 |
Ekiliş
görnüşi: Şitilinden: 28
müňbadat şitili;
Hasyl
ýygnama:
Hasyl wagty |
Hasyl |
|
Günorta etraplar |
Demirgazyk etraplar |
|
Badat |
10.10-15.10 |
15.09-25.09 |
Saklanylyşy:
Döwrebap ammarlarda:
Temperatura: 3-4ºC;
Çyglylyk:
80-85%;
Saklanyş möhleti:2-2,5 aý.