Mäş
Gysgaça maglumat:
Mäş bir ýyllyk kösükli ekinb bolup gektardan 500 kg-dan 1 tonna çenli hasyl alynýar.
Ýetişdirilişi: Açyk meýdanda;
Topraga talaby: mäş ösümligi toýunsow, çäsesöw
topraklara ekilse netijeli bolýar. Topragyň ph-y 6,5-7,5 bolmaly.
Ýylylyga talaby:
Kösükli ekin |
Döwürleri |
|||||||
Günorta etraplar |
Demirgazyk etraplar |
|||||||
Mäş |
Şitilleri |
Ösüş synalary emele
gelende |
Hasyl synalary emele
gelende, gülünde |
Hasyla duranda
(kösükler emele gelenden soň) |
Şitilleri |
Ösüş synalary emele
gelende |
Hasyl synalary emele
gelende, gülünde |
Hasyla duranda
(kösükler emele gelenden soň) |
+15+18 |
+16+26 |
+18+25 |
+23+20 |
+12+13 |
+12+13 |
+15+18 |
+15+12 |
Yzgara talaby: mäş ekinine howa ýagdaýyna baglylykda 10-15 günden bir gezek suwarylyp durulmalydyr. Eger-de suwaryş işleri ýygy-ýygydan geçirilse onda beýleki kösükli ekinlerinde bolşy ýaly mäş ekinine hem kesel degmegi mümkin.
Döküne talaby: ekişden öň sürüm bilen topraga 100-120 kg fosfor döküni
berilmeli. Tohum gögerenden soň 90-100 kg azot döküni, güllemezden 20-25 gün öň
kaliý döküni berilmeli.
Ekiliş çyzgydy:
-
Hatar ara: 60-70 sm;
- Ösümlik ara: 8-10-12 sm;
Ekiliş möhleti: 20.06-05.07
aralygynda;
Ekiliş görnüşi: Tohumyndan: 16 kg/ga (takyk ekijide);
Hasyl ýygnama: ekişden 85-100
günden soň hasyl ýygnalýar.
Saklanylyşy: Döwrebap
ammarlarda:
Temperatura:+5+10 ºC;
Çyglylyk: 55%;
Saklanyş möhleti: 2 ýyla çenli.