Loading...
Bellenenler
Noýba
Ylmy ady:
Phassalus wulgaris
Kategoriýa:
Kösükli ekin
Maşgala:
Kösükliler
Sortlar:
şedraýa, stepnaýa, dnepr, fransuz ak däne

Gysgaça maglumat:
Noýba bir ýyllyk kösükli ekin bolup gektardan 500 kg-dan başlap 1-1,5 tonna çenli hasyl alynýar. Ýetişme döwri 100-110 gün aralykda

Ýetişdirilişi: Açyk meýdanda;

Topraga talaby: noýba toýunsow, çägesöw topraklarda hasyl berýär. Topragyň gurplylygy ýokary bolsa hasyllylyk has ýokary bolýar.

Ýylylyga talaby: Sowuga  çydamlylygy  +4 gradusa çenli, eger temperatura -1 gradusa düşse noýbany sowuk urýar.

 

 

Kösükli ekin

 

                                                          Döwürleri

Günorta etraplar

Demirgazyk etraplar

 

 

 

 

Noýba

 

Şitilleri

Ösüş synalary emele gelende

Hasyl synalary emele gelende, gülünde

Hasyla duranda (kösükler emele gelenden soň)

 

Şitilleri

Ösüş synalary emele gelende

Hasyl synalary emele gelende, gülünde

Hasyla duranda (kösükler emele gelenden soň)

+15+18

+16+26

+18+25

+23+20

+12+13

+12+13

+15+18

+15+12







Yzgara talaby: noýba yzgara talapkär  ekin bolup howa ýagdaýyna baglylykda 10-15 günden bir gezek suwarylyp durulmalydyr. Eger-de suwaryş işleri ýygy-ýygydan geçirilse onda noýba ekinine kesel degmegi mümkin.

Döküne talaby: ekişden öň sürüm bilen topraga 100-120 kg fosfor döküni berilmeli. Tohum gögerenden soň 90-100 kg azot döküni, güllemezden 20-25 gün öň kaliý döküni berilmeli.

Ekiliş çyzgydy:

- Hatar ara: 60-70 sm;

- Ösümlik ara: 16-18 sm;

Ekiliş möhleti:

Ekiliş wagty

Tohumyndan

Günorta etraplar

Demirgazyk etraplar

Noýba

21-22.03-20.04

01.04-01.05

Ekiliş görnüşi: Tohumyndan: 30 kg/ga;

Hasyl ýygnama: hasyl ýygnalanda tohumyň çyglylygy 27-18 % aralykda bolmalydyr. Hasyl ýygnama işi ekilenden 100-110 günden soň geçirilýär.

Saklanylyşy: Döwrebap ammarlarda:

             Temperatura: +5+10ºC;

             Çyglylyk: 50%;

             Saklanyş möhleti: 2 ýyla çenli.