Loading...
Bellenenler
Ylmy ady:
Brassica napus
Kategoriýa:
Ýag berýän ekin
Gysgaça maglumat:
Kanola (Brassica napus) düzümindäki eruk kislotasy (эруковая кислота) we glýukozinolaty janly organizmer üçin zyýanly bolan ösümlik görnüşidir. Onuň ýagy, ösümligiňiň özünden tapawutlylykda zyýanly däldir. Ol adamlar hem-de öý mallary üçin iýmitlik hökmünde ulanylýar. Kanola ýagy, soýa ýagy ýaly bolup, diňe bir iýmitlik maksatly däl eýsem şem, pomada, senagat ýagy, gazet syýa, bio ýangyç ýaly önümleri öndürmekde, täzelenip bolmaýan nebit esasly ýaglaryň bazar bahasyna baglylykda çalşyp biler. Bu görnüş ilkinji gezek Kanadada ösdürilip ýetişdirilendigi sebäpli "canola" ady, iňlis dilindäki "Kanada" we "Ola" (Oil Low Acid - "pes kislotaly ýag") sözlerinden gelip çykýar. Kanola (Brassica napus Canola Oleifera sp.) Gyş we tomus fiziologiki döwri öz içine alýan ýag alynýan strategiki ekindir. Dänesi 38-50% ýag we 16-24% belok saklaýar.
Ylmy ady:
Fragaria × ananassa
Kategoriýa:
Gök bakja ekinler
Gysgaça maglumat:
Köpýyllyk ösümlik bolan ýertudana 4-5 ýyl hasyl berýär we ony tohumyndan ýa-da «murtjagazlaryndan» köpeldip bolýar. Tagamy süýjiden-turşumtyk tagamlydyr.
Ýer hozy
Ylmy ady:
Arachis hypogaea
Kategoriýa:
Ýag berýän ekin
Gysgaça maglumat:
Ýer hozy ösüş döwrüniň uzynlygy bilen tapawutlanýar. Ösüş döwri 160-180 güne ýetýär. Hasyllygy gektardan 35-50 sentnere çenli. Esasy bellemeli zat tohumlar ekilmezden öň dermanlanyp ekilýär.
Künji
Ylmy ady:
Sesamum indicum
Kategoriýa:
Ýag berýän ekin
Gysgaça maglumat:
Künji bir ýyllyk ýag berýän ekin bolup gektardan 500 kg-dan 800 kg çenli hasyl alyp bolýar.
Günebakar
Ylmy ady:
Helianthus annus
Kategoriýa:
Ýag berýän ekin
Gysgaça maglumat:
Günebakar bir ýyllyk çigitlik we ýag almak maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän ekin bolup hasyllygy gektardan 25 sentera çenli bolup bilýär.
Soýa
Ylmy ady:
Glycine soja. L
Kategoriýa:
Kösükli ekin
Gysgaça maglumat:
Soýa bir ýyllyk, esasan ýag we beloklyk gymmaty üçin ösdürilip ýetişdirilýän ekin bolmak bilen, oňat ideg edilende gektardan düme ekilende 10-15 sentnerden 50-60 sentnere çenli, suwarymly ekerançylykda 30-40 sentnerden 100 sentnere çenli hasyl alyp bolýar.
Ylmy ady:
Psylla pyri
Kategoriýa:
Deňganatlylar
Gysgaça maglumat:
Göwresiniň reňki sargylt ýa-da gögümtil goňur, uzynlygy 3 mm;
Gowaça
Ylmy ady:
Gossypium
Kategoriýa:
Strategiki ekin
Gysgaça maglumat:
Gowaça bir ýyllyk süýüm alynýan strategiki ekin bolup, oňat ideg edilende gektardan 2,5 tonnadan 5-6 tonna çenli pagta hasylyny almak mümkin.
Ylmy ady:
Cucurbita pepo
Kategoriýa:
Gök bakja ekinler
Gysgaça maglumat:
Bir ýyllyk bakja ekin bolup, çaknyşdyrma netijesinde alnan, gibrid görnüşdir.
Ylmy ady:
Ipomea batatus
Kategoriýa:
Gök bakja ekinler
Gysgaça maglumat:
Badat bir ýyllyk gök ekin bolup şineledilen şitillleriniň ýetişmegi üçin 155-165 gün gerek bolýar. Hasyllylygy gektardan ortaça 400-500 sentnere barabar.
Ylmy ady:
Schizotetranychus urticae
Kategoriýa:
Sakyrtgalar
Gysgaça maglumat:
Göwresiniň reňki tomsuna gögümtil sary , gyşyna gyzgylt bolýar, uzynlygy 0,2-0,3 mm
Merjimek
Ylmy ady:
Lens culinaris
Kategoriýa:
Kösükli ekin
Gysgaça maglumat:
Merjimek bir ýyllyk kösükli ekin bolup gektardan 150-250 kg hasyl alynýar.
Mäş
Ylmy ady:
Vigna radiata
Kategoriýa:
Kösükli ekin
Gysgaça maglumat:
Mäş bir ýyllyk kösükli ekinb bolup gektardan 500 kg-dan 1 tonna çenli hasyl alynýar.
Noýba
Ylmy ady:
Phassalus wulgaris
Kategoriýa:
Kösükli ekin
Gysgaça maglumat:
Noýba bir ýyllyk kösükli ekin bolup gektardan 500 kg-dan başlap 1-1,5 tonna çenli hasyl alynýar. Ýetişme döwri 100-110 gün aralykda
Ylmy ady:
Tetranychus urticae Koch
Kategoriýa:
Sakyrtgalar
Gysgaça maglumat:
Ýetişeni-Göwresi sarymtyl gök , güýzüne gyşlamaga gitmänkä gyzgyldyrak reňkli, uzynlygy 0,4-0,5 mm.Liçinkasy 0,2 mm ýarymşar görnüşli;
Karadrina
Ylmy ady:
Spodoptera exqua
Kategoriýa:
Teňňeganatlylar
Gysgaça maglumat:
Ýetişeni-göwresi kiçiräk 13-14 mm, ganatlary bilen 23-24 mm, reňki garamtyl goňras öwüşginli , öňki ganatlarynda bildirip duran böwrek şekilli bir uly we iki kiçi menekler bar.Liçinkasy- açyk gökden symgylt çal reňklidir, uzaboýuna gara çyzyk geçýär, uzynlygy 25-30 sm;
Ylmy ady:
Miopardalis pardalina
Kategoriýa:
Ikiganatlylar
Gysgaça maglumat:
Göwresiniň reňki açyk sargylt, uzynlygy 5,5-6,5 mm.Liçinkasy ak reňkli , aýaksyz, uzynlygy 10 mm;
Ylmy ady:
Epilachna chryisomelina
Kategoriýa:
Gatyganatlylar
Gysgaça maglumat:
Göwresiniň reňkigyzylymtyl sar, gara nokatlar bar, uzynlygy 7-9mm. Liçinkasy sary reňkli, birnäçe gara gyldyrganjyklar bar;
Ylmy ady:
Trialeurodes vaporariorum
Kategoriýa:
Deňganatlylar
Gysgaça maglumat:
Göwresiniň reňki agymtyl, uzynlygy 2mm;
Ylmy ady:
Aphis frangulae koch
Kategoriýa:
Deňganatlylar
Gysgaça maglumat:
Göwresiniň reňki sargylt ýaşyl, uzynlygy 2mm;